Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň söwda dolanyşygy $143,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň söwda dolanyşygy $143,7 milliondan geçdi
Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Gazagystan Türkmenistandan umumy bahasy 36 million 42 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm import etdi.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 143 million 767 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler agentliginiň Milli statistika býurosynyň maglumatlarynda habar berilýär.

Maglumatlara görä, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Gazagystan Türkmenistandan umumy bahasy 36 million 42 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm import etdi. Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň Türkmenistana eden eksporty 107 million 725 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň bu döwürdäki umumy daşary söwda dolanyşygy 72 milliard 767 million ABŞ dollaryndan geçip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,7% ýokarlandy. Başgaça aýdylanda 8 milliard 203 million ABŞ dollary möçberinde artdy.

Russiýa bu döwürde Gazagystanyň iň uly daşary söwda hyzmatdaşy bolup, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 17 milliard 206 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Gazagystanyň eksporty 5 milliard 81 million ABŞ dollaryndan, importy bolsa 12 milliard 125 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Bu döwürde Gazagystanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Hytaý ($13 milliard 470 milliondan gowrak), Italiýa ($6 milliard 679 milliondan gowrak), Türkiýe ($2 milliard 957 milliondan gowrak), Özbegistan ($2 milliard 654 milliondan gowrak) we Gollandiýa (3 milliard 463 milliondan gowrak) girdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Gazagystan 2021-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistana däne üpjünçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27% artdyrdy. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň demir ýoly arkaly Türkmenistana 13 müň tonna däne iberildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022