Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy boýunça maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy boýunça maslahat geçirildi
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Wise-premýer Şahym Abdrahmanow “Mawy ýangyjyň” çykarylýan möçberini artdyrmak, guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dünýä bazarynda tebigy gazyň sarp edilişini hem-de bahasyny düýpli seljermek barada wise-premýer Ş.Abdrahmanowa anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de wise-premýere türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň geografiýasyny giňeltmek bilen baglylykda, goňşy we sebit döwletleriniň gyzyklanmasyna görä, tebigy gazy gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlemek üçin zerur işleri geçirmek barada görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini düýpli özleşdirmegiň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen tebigy gazyny satmak barada baglaşylan şertnamalar boýunça borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljek ýyllarda ýurdumyzyň beýleki gaz känlerinde gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak hem üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra wise-premýer Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet toplumynda işleriň ýagdaýy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, desgalaryň ulanylyşyny yzygiderli seljermegi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.