AÖB türkmen kompaniýalarynyň eksport taslamalaryny maliýeleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB türkmen kompaniýalarynyň eksport taslamalaryny maliýeleşdirer
Aziýa ösüş bankynyň edara binasy, Manila, Filippinler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekmek boýunça teklibi makullady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu teklibi wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly anna güni geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Şeýle hem, wise-premýer maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işi hem-de karz serişdelerini we maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.