Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan gaz alyş-çalyş şertnamasyny baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan gaz alyş-çalyş şertnamasyny baglaşdylar
Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana günde 5-6 million kubmetr gaz satar. (Surat: “Shana” habarlar agentligi)

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan ýekşenbe güni ýylda 2 milliard kubmetre çenli gaz ugratmak hakynda alyş-çalyş şertnamasyny baglaşdylar.

Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň duşenbe güni habar berşi ýaly, bu şertnama Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sammitiniň çäklerinde üç ýurduň nebit-gaz meselelerine gözegçilik edýän ministrleri tarapyndan gol çekildi.

Prezident Ebrahim Raisiniň ýolabaşçylygyndaky wekiliýetiniň agzasy Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji habarçylara beren beýanatyna görä, üçtaraplaýyn şertnama laýyklykda Eýran Türkmenistandan tebigy gaz alar we Azerbaýjana deň mukdarda ugradar.

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana günde 5-6 million kubmetr gaz satar. Şertnamanyň durmuşa geçirilmegi bir aýdan az wagtyň dowamynda başlanylmagyna garaşylýar.

Ylalaşyga gol çekilenden soň habarçylar bilen geçirilen söhbetdeşlikde Raisi şertnamanyň üç ýurduň arasyndaky “gatnaşyklary güýçlendirjekdigini” aýtdy.

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Bahadori Jahromi ýekşenbe güni  “Twitter” hasabynda ýazmagyna görä, Eýranyň şertnama laýyklykda aljak tebigy gazyň ýurduň azyndan bäş welaýatynyň islegini kanagatlandyrjakdygyny aýtdy.

YHG sammitiniň çäginde Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gaz karzy meselesi hem gozgaldy.

Eýranyň nebit ministri türkmen kärdeşini gaz karzyny tölemek üçin ilkinji tölegiň ýakyn wagtda ugradyljakdygyna ynandyrdy. Habarlara görä, Tährana iberilen türkmen gazy üçin Eýranyň Türkmenistana 1,8 milliard ABŞ dollary möçberinde bergisi bar.

Eýranyň günortasynda esasy tebigy gaz ýataklary bardyr. Emma Eýran 1990-njy ýyllaryň ahyryndan başlap, demirgazyk welaýatlary üçin esasanam gyş wagtynda Türkmenistandan tebigy gaz import edip gelýär.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň öňki gaz üpjünçiligi üçin bergisi sebäpli 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny togtatdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022