“JPMorgan”: 2022-nji ýylda nebitiň bahasy $125-e ýeter

BIZNES TÜRKMENISTAN
“JPMorgan”: 2022-nji ýylda nebitiň bahasy $125-e ýeter
2022-2023-nji ýyllarda dünýädäki nebit isleginiň günde 99,8-101,5 million barrele ýetjekdigi çaklanylýar.

OPEC+ toparynyň önümçilik kuwwatynda ýüze çykýan kemçilikler sebäpli geljek ýylda nebitiň bir barreliniň bahasynyň 125 ABŞ dollaryna we 2023-nji ýylda bolsa 150 ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar. Bu barada ''JPMorgan” bankynyň seljermesine salgylanyp, “Reuters” agentligi penşenbe güni habar berdi.

ABŞ-da ýerleşýän bank OPEC+ diýlip atlandyrylýan Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň hakyky nebit önümçilik kuwwatynyň häzirki çaklamalardan pesdigine ynanýar.

“Biziň pikirimizçe, OPEC+ topary 2022-nji ýylyň başynda meýilleşdiren nebit önümçiligini artdyrmak boýunça depginini peselder we nebitiň bahasy belli bir ýokary derejä barmasa topar nebit üpjünçiligini artdyryp bilmejekdigini çaklaýarys” diýip, bank aýtdy.

Bank 2022-2023-nji ýyllarda dünýädäki nebite bolan talabyň günde 99,8-101,5 million barrele ýetjekdigini çaklaýar.

Häzirki wagtda “Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 71 ABŞ dollaryna barabardyr. Şu ýylyň başyndan bäri onuň bahasy takmynan 70% ýokarlandy, emma noýabr aýyndan başlap pese düşdi. Muňa noýabr aýynda ABŞ bilen beýleki nebit sarp ediji döwletleriň benziniň bahasyny aşak düşürmek we inflýasiýanyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin strategiki ätiýaçlyklaryndan millionlarça barreli boşatmak barada ylalaşmagy sebäp boldy.

2022