Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalaryň ösmegi üçin maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek bermek boýunça nobatdaky çäreler işlenilip taýýarlanylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjowa degişli tabşyrygy berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda, aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümleriň bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hem güýçlendirmegi tabşyryp, telekeçilere geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirmäge hem-de ösüş meselelerini çözmäge ukyply, täze iri tehnologiýa kompaniýalaryny döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.