Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 18,6% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 18,6% artdy
Türkmenistanda şu ýylyň 11 aýynda öndürilen önümleriň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1% ýokarlandy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 2021-nji ýylyň 11 aýynda 18,6% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, on bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, öndürilen önümleriň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1% ýokarlandy. Şeýle hem, şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5%, çykdajy böleginiňki bolsa 97,2% ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyk boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyryp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda heniz köp algy-bergileriň bardygyny belledi.

“Alnan karz serişdeleri, beýleki edara-kärhanalaryň öňündäki bergiler öz nobatynda üzülmelidir. Umuman, bu ugurdaky meseleleriň ählisi çözülmelidir. Şeýle hem, ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalyp alynmagyna berk gözegçilik edilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gelip gowuşýan serişdeleri Merkezi bank seljermelidir” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022