Nebit ýataklaryna hyzmat edýän dünýäniň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Halliburton” duşenbe güni gazylyp alynýan ýangyjyň ösüşine birnäçe ýyllap ýeterlik derejede maýa goýum goýulmadygy sebäpli, dünýäniň nebit ýetmezçiligine tarap barýandygyny aýtdy.
“Meniň pikirimçe uzak wagtyň dowamynda ilkinji gezek nebite alyjy gözlenilmän, alyjylaryň nebit gözleýändigini göreris” diýip, “Halliburton” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jef Milleriň Hýustonda geçirilen nebit-gaz konferensiýasynda belledi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.
““Halliburton” kompaniýasy ABŞ-dan we Kanadadan başga ýerlerde nebit kompaniýalarynyň çykdajylarynyň geçen döwürlere garanyňda deň ýaryna çenli azalandygyny görýär” diýip, Miller öndürijileriň maýa goýumlary köpeltmegiň ýerine, maýadarlaryna girdejilerini gaýtaryp bermäge synanyşýandygyny belledi.
Miller nebit üpjünçiligindäki ýetmezçilikleri ýeňilleşdirmek üçin on ýyla golaý wagt gerek bolup biler diýdi.
Geçen hepde “JPMorgan” banky geljek ýylda nebitiň bir barreliniň bahasynyň 125 ABŞ dollaryna we 2023-nji ýylda bolsa 150 ABŞ dollaryna ýetmegine garaşýandygyny aýdypdy.