Ýurtlaryň önümçilik kuwwatlyklary ýokary we pes girdejili ýurtlary bir-birinden tapawutlandyrýan esasy görkeziji hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem döwletler önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady syýasaty öňe sürýärler. Önümçilik pudagynda öndürijilik, adatça, hyzmat we oba hojalyk pudaklaryna garanyňda has ýokary we çalt depginde ösýär.
Döwletler tarapyndan durmuşa geçirilýän ösüş strategiýalarynda iki sany esasy ykdysady syýasat bardyr. Olaryň birinjisi Adam Smit tarapyndan öňe sürülen hem-de erkin söwda syýasatlaryny goldaýan liberal ykdysady syýasat bolup, ikinjisi proteksionizmi (goraglylyk) ileri tutýan protektiwistik ykdysady syýasatdyr.
Proteksionizm köplenç ýurtlaryň importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi boýunça alyp barýan syýasatlarynda ýüze çykýar. Importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek syýasaty esasan hem önümçiligiň täze döredilýän ugurlarynda ýüze çykýar. Bu syýasatyň üstünlikli we täsirli durmuşa geçirilen ýagdaýynda, wagtyň geçmegi bilen içerki önümçiligiň ösmegi göz öňünde tutulýar. Importyň ornuny tutýan önümçilik syýasaty umumy üpjünçilikde importyň paýyny azaltmak arkaly içerki önümçiligi ýokarlandyrmagy maksat edinýän ykdysady ösüş we senagatlaşma strategiýasydyr. Importyň ornuny tutýan önümçilik diýlip, importy çäklendirmek bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ýa-da harytlar toparynyň ýurduň çäklerinde öndürilmegine düşünilýär.
Ösen ýurtlar öz ösüş proseslerini protektiwistik ykdysady syýasaty arkaly amala aşyrdylar. Olar durmuşa geçiren proteksionistik syýasatlarynyň kömegi bilen belli bir ösüş derejesine ýetenden soňra erkin söwda syýasatlaryna gaýdyp gelýärler we öndürýän önümlerini hem-de hyzmatlaryny beýleki ýurtlara päsgelçiliksiz hödürleýärler. Bu ýagdaý ösüp gelýän ýurtlaryň bähbidine däldir we olar liberal teoriýa garşy protektiwistik ykdysady syýasaty öňe sürýärler.
Ykdysatçy Ha Joon Çang öz ýurdy Günorta Koreýadan mysal getirip, ýurduň häzirki ykdysady ösüş derejesine esasan hem önümçiligiň täze döreýän ugurlarynyň “goraglylygy” arkaly ýetendigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, ikinji Jahan urşundan soňra Ýaponiýada hökümet daşary ýurt walýutasyna gözegçilik etmek arkaly importy berk gözegçilikde saklady. Ýurduň hökümeti eksport amallaryna has kämil tehnologiýalary satyn almak üçin zerur bolan daşary ýurt walýutasynyň üpjün edilmegine goldaw berdi (tehnika enjamlaryny satyn almak ýa-da tehnologiýa ygtyýarnamalary üçin tölegler).
Soňky 30 ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlarynyň mukdary ýüzlerçe esse artdy we 200 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu uly göwrümli özgertmeleriň esasy sebäpleriniň biri hem, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen pudaklaryň ösüşini çaltlandyrmak hem-de bu ugurlarda innowasiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmak üçin amatly şertleriň döredilmegi boldy.
Türkmenistan kiçi, orta we iri kärhanalara döwlet goldawyny bermek boýunça milli strategiýasyny alyp barýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmak, Türkmenistanda öndürilip bilinjek önümleri daşardan getirmegi bes etmek syýasatyny öňe sürýär.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de onuň ýerine ýetirilişi barada her aýda hasabat bermegiň zerurdygyny nygtaýar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty