Türkmenistanda haýsy esasda rieltorçylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda haýsy esasda rieltorçylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär?
Aşgabat şäheri, Türkmenistan

“Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin rieltorçylyk guramasy bilen hyzmatdan peýdalanyjynyň arasynda baglaşylan şertnama (mundan beýläk - şertnama) rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin esas bolup durýar.

Şertnama boýunça rieltorçylyk guramasy rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegine borçlanýar, hyzmatdan peýdalanyjy bolsa, bu hyzmatlaryň muzdunyň tölenilmegine borçlanýar.

Rieltorçylyk guramasynyň we hyzmatdan peýdalanyjynyň arasyndaky şertnama:

  • rieltorçylyk guramasyna ynanç haty bolmazdan, şertnamada şertleşilen çäklerde hyzmatdan peýdalanyjynyň bähbitlerine hereket etmäge hukuk berýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada belli bir hereketleriň amala aşyrylmagynyň hukugyna ynanç hatynyň zerurlygy hakynda talap bellenilen halatlar muňa degişli däldir;
  • şertnama esasynda hyzmatdan peýdalanyjy tarapyndan rieltorçylyk guramasyna berlen ynanç haty kepillendiriş tertibinde tassyklanylmaga degişlidir;
  • rieltorçylyk guramasynyň şertnamada şertleşilen möhletlerde hyzmatdan peýdalanyja rieltorçylyk hyzmatlaryň edilmeginiň borçnamasyny belleýär.

Rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmeginiň subutnamasy hyzmatdan peýdalanyjy we onuň bu şertnamany baglaşan rieltorçylyk guramasynyň adyndan rieltor tarapyndan gol çekilýän, rieltorçylyk guramasy tarapyndan şertnamanyň şertleriniň berjaý edilendiginiň tassyknamasyny özünde saklaýan, hyzmatlaryň edilendigi hakynda nama bilen tassyklanylýar.

Şertnamanyň gol çekilmegine çenli rieltor şertnama baglaşmaga meýilli şahsa şu şertnamanyň ähli bentlerini okap bermelidir we olar boýunça zerur düşündirişleri bermelidir, şol sanda rieltorçylyk guramasynyň şu aşakdaky borçnamalarynyň şertnama girizilmegini talap etmäge onuň hukugynyň bardygy barada habardar etmelidir:

  • geleşigiň kepillendiriş tertibinde tassyklanylmagyny, şeýle hem eger-de şeýle bellige almagyň hökmanylygy kanunda bellenilen bolsa, onuň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmäge;
  • geleşigiň närsesi bolup durýan emlägiň hakykatdan hem geçirilmeginiň resminamalaýyn güwä geçilmegini.

Çeşme: “Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022