Halkara reýtingler boýunça agentlik “Fitch Ratings” dünýä ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 5,7% ösmegine garaşýar. Bu barada agentligiň sişenbe güni çap eden dekabr aýy boýunça Dünýä ykdysady çaklamalary atly hasabatynda bellenilýär.
Bu görkeziji agentligiň sentýabr aýynda mälim eden çaklamasyndan pesdir. Sentýabr aýynda kompaniýa dünýäniň jemi içerki önüminiň 6% ösmegini çaklapdy.
Ösüş derejesiniň peselmegine garamazdan, “Fitch” bu ösüşiň 1973-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidigini mälim etdi.
Çaklamanyň pese düşmegi ösüşiň potensialyny çäklendirýän we inflýasiýanyň artmagyna itergi berýän üpjünçilik zynjyrynyň bökdençlikleri bilen baglanyşyklydyr.
Isleg güýçli ýokarlandy, ýöne önümçilik yza galdy diýip, “Fitch” üpjünçilikdäki päsgelçilikleriň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde JIÖ-niň garaşylmagyndan pes derejede artmagyna, bahalaryň bolsa çaklanmagyndan ýokary bolmagyna sebäp bolandygyny belledi.
Reýting agentligi hyzmatlara islegiň gaýdyp gelmegi, güýçli maýa goýumlar netijesinde harytlaryň üpjünçiliginiň ýokarlanmagy we maliýe ýardamlarynyň aýrylmagy bilen bahalaryň 2022-nji ýylda durnuklaşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
Şeýle-de “Fitch” 2022-nji ýyldaky dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky çaklamasyny 4,4%-den 4,2%-e çenli peseltdi.