Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitine taýýarlyk görülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitine taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň duşuşygy, Aşgabat, 27.11.2021 (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin ähli zerur şertleri üpjün edilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Raşid Meredowa bu barada degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlise Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki käbir ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

“Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler hem girizildi.

2022