Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 6,5% ösmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 6,5% ösmegine garaşylýar
Işewürlige amatly şertleri döretmek bilen hususy telekeçiligi has-da ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň geljek ýylda ykdysadyýetiniň ösüş depginini 6,5%-e çenli ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Wise-premýer 2022-nji ýyl üçin gaýragoýulmasyz wezipeler barada hasabat berip, milli ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny artdyrmaga, pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak arkaly pudaklaryň girdejililigini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, ähli pudaklarda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzyň eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak, ýerli önümçilikleriň hasabyna importyň möçberini azaltmak, işewürlige amatly şertleri döretmek bilen hususy telekeçiligi has-da ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, wise-premýer belledi.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek bilen, geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,5%-e çenli möçberde emele gelmegi meýilleşdirilýär diýip, Serdar Berdimuhamedow öz hasabatynda aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, geljek ýylda merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarda göz öňünde tutuljak serişdeleri has wajyp bolan desgalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, agyz suw üpjünçilik desgalarynyň hem-de mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler hem girizildi.

2022