Türkmen telekeçisi 23 tonna karamel öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi 23 tonna karamel öndürdi
Telekeçi geljekde önümçiliginiň gerimini has giňeltmegi maksat edinýär.

Telekeçi Ismail Ismailowyň nabat süýjülerini öndürýän kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri karameliň 23 tonnasy öndürildi. Bu barada “Rysgal” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şeýle-de kärhanada degişli döwürde 18 tonna nabat hem-de 400 kilogram ak gant öndürildi.

Telekeçi Ismail Ismailowyň nabat öndürýän kärhanasy Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşip, nabat süýjüleriniň önümçiligi geçen ýylyň aprel aýynda ýola goýuldy.

Telekeçi geljekde önümçiliginiň gerimini has giňeldip, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda söwda dükanlaryny açmak meýilleşdirýär we ýakyn ýyllarda eksporty ýola goýmagy maksat edinýär.

2022