Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-daky tornado betbagtçylygy sebäpli Baýdene gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-daky tornado betbagtçylygy sebäpli Baýdene gynanç bildirdi
Kentukki şäherine anna güni bolup geçen tornado ştatda azyndan 74 adamyň ýitgisine sebäp boldy. (Surat: AP)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Kentukki şäherinde anna güni bolup geçen tornado ştatda azyndan 74 adamyň ýitgisine sebäp boldy. Kentukki ştatynyň häkimi Endi Beşar bu tornadonyň ştatyň taryhyndaky iň weýrançylykly tebigy betbatgçylyk bolandygyny aýtdy.

Kentukki şäherinden başga-da, tornado ABŞ-nyň bäş ştatyna – Arkanzas, Illinoýs, Missisipi, Missuri we Tennessi ştatlaryna täsirini ýetirdi. Adam pidalarynyň sanynyň 100-den ýokary bolmagy çaklanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022