Türkmen Lideri işewürlik pudagynyň wekillerini ýubileý medaly bilen sylaglady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri işewürlik pudagynyň wekillerini ýubileý medaly bilen sylaglady
Dabaraly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýän 40 sany telekeçä gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlik pudagynyň ýokary netijeleri görkezen wekillerini “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde çarşenbe güni dabaraly maslahat geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow dabaraly ýagdaýda döwlet baýraklaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary hem-de halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin şu aşakdakylar ýubileý medaly bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Hojamuhammet Muhammedow,

“Altyn nesil” hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýew,

“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Agamuradowiç Dowranow,

“Ak-gaýa” hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şamurat Hojamowiç Apowow,

Balkan welaýatyndan telekeçi Myratdurdy Sapardurdyýewiç Näzliýew,

“Uly ynam” daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Merdan Baýramdurdyýewiç Atdaýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Şöwket Ýagmyrowiç Kerimberdiýew,

Lebap welaýatyndan telekeçi Alym Gurbandurdyýewiç Joraýew,

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Toýly Erkinowiç Çaryýew,

Mary welaýatyndan telekeçi Guwançmyrat Tirkişowiç Orazow.

Şeýle hem, bu dabaraly maslahatyň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýän 40 sany telekeçä gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

2022