Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 34,5% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 34,5% ýokarlandy
Şu ýylyň ilkinji 11 aýynda Özbegistan 450 million 600 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. (Surat: UzA)

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 626 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,5% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 465 million 500 müň ABŞ dollaryna deň bolupdy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Şu ýylyň ilkinji 11 aýynda Özbegistan 450 million 600 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 175 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bu döwürde Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 37 milliard 940 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 milliard 950 million ABŞ dollary ýa-da 15% ýokarlandy.

Bu döwürde Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky dolanyşyk 6 milliard 730 million ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň Hytaýa eksporty 2 milliard 300 million ABŞ dollaryndan, bu ýurtdan importy bolsa 4 milliard 400 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($6,6 milliarddan gowrak), Gazagystan ($3,53 milliarddan gowrak), Türkiýe ($3 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,67 milliarddan gowrak), Gyrgyzystan ($852,5 million), Germaniýa ($675,4 million), Ukraina ($622,5 million) we Owganystan ($576,7 milliona) girdi.

2020-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022