Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmagyň geljegine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmagyň geljegine garaldy
Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmakda Halkara Migrasiýa Guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmenistanda ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny (Advance Passenger Information System - APIS) durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabatda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşine görä, Halkara migrasiýa guramasy (HMG) tegelek stoly Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen bilelikde gurady. Oňa Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmakda HMG bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň geljegine, hususan-da bu ugurda ýol kartasynyň işlenip düzülmegine garadylar.

APIS ulgamy uçuşdan ozal hasaba alyş wagtynda ýolagçydan biometrik we uçuş maglumatlaryny ýygnamagy göz öňünde tutýar. Girizilen maglumatlar, uçuşdan soň, ýolagçynyň barmaly ýerindäki serhet gözegçilik gullugyna elektron görnüşinde iberilýär.

APIS Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan 2017-nji ýyldan başlap, ähli döwletlerden talap edilýän adaty borçnamadyr. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri guramanyň doly agzasy bolup gelýär.

2022