Türkmen Lideri Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Bu dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurdumyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu dabara köp sanly myhmanlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy, şeýle-de Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we beýlekiler gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, beýikligi 38,5 metr, ini 16 metr bolan, depesinde ýiti yşyklar bilen “2022” belgini aňladýan sekizburç ýyldyz oturdylan arçanyň ýanynda dürli öwüşginli çyralar we owadan serişdeler gurnalandyr.

Aýazbaba we Garpamyk türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçjek täze, 2022-nji ýyl bilen gutladylar.

Milli Liderimiz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryna syn etdi. Soňra bu ýerdäki çagalara Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz çagalara Täze ýylda bagt, gyşky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmegi, okuwlarynda üstünlik hem-de isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň hakyky watansöýüjiler boljakdyklaryna we döwletimiziň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022