Önüm öndürijileriň we satyjylaryň esasy hukuklary we borçlary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Önüm öndürijileriň we satyjylaryň esasy hukuklary we borçlary
Önüm öndürijiler önümleri diňe sertifikatlaşdyrmakdan geçenden soň dolanyşyga goýbermäge borçludyrlar.

“Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önüm öndürijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýerine ýetirijileriň, satyjylaryň hem-de iberijileriň şulara hukuklary bardyr:

  • sertifikatlaşdyrmakdan geçen önümler babatda döwlet laýyklyk nyşanyny ulanmaga;
  • beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň), bilermen-auditorlaryň bikanun hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara ýüz tutmaga;
  • öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga.

Önüm öndürijiler, taýýarlaýjylar, ýerine ýetirijiler, satyjylar hem-de iberijiler şulara borçludyrlar:

  • önümleri diňe sertifikatlaşdyrmakdan geçenden soň dolanyşyga goýbermäge;
  • önümleri diňe olaryň hilini we howpsuzlygyny tassyk edýän  sertifikaty bar bolan mahalynda ýerlemäge;
  • önümiň ýany bilen iberilýän resminamalarda sertifikatlaşdyrmak hakynda we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar hakynda olara laýyk gelmeli maglumatlary görkezmäge we ol maglumatlaryň sarp edijilere ýetirilmegini üpjün etmäge;
  • döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara, şeýle hem sarp edijilere önümleriň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändiginiň resminamalaýyn tassyklanylmasyny bermäge;
  • taýýarlanylýan we (ýa-da) ýerlenilýän önümleriň hiliniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge we ony bellenilen tertipde döwlet laýyklyk nyşany bilen belgilemäge;
  • eger sertifikatlaşdyrylan önümler, sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, şeýle hem sertifikatyň hereket ediş möhleti tamamlanan ýa-da laýyklyk sertifikatynyň hereketi togtadylan halatynda ýa-da sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaranyň çözgüdi bilen ýatyrylan bolsa, onda şeýle önümleriň taýýarlanylmagyny we (ýa-da) ýerlenilmegini bes etmäge ýa-da togtatmaga;
  • önümleriň sertifikatlaşdyrylmagyny we sertifikatlaşdyrmagyň obýektlerine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlara öz wezipelerini päsgelçiliksiz ýerine ýetirmegi üçin şertleriň üpjün edilmegine;
  • bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan önümleriň tehniki resminamalaryna ýa-da öndürilişiniň tehnologik prosesine girizilen üýtgetmeler barada ygtyýarly edara habar bermäge.

Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara,  özleriniň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022