Türkmen kompaniýalary $56 milliondan gowrak pomidor eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary $56 milliondan gowrak pomidor eksport etdiler
Daşarky bazarlara iberilýän önümleriň esasy bölegini pomidor düzýär.

Türkmenistanyň hususy gök önüm öndürijileri 2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlaryň 51 million 300 tonnadan gowragyny  eksport etdiler. Olaryň umumy bahasy 56 million ABŞ dollardan gowrak boldy.

Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we Birleşen Arap Emirlikleri türkmen pomidorlaryny esasy import ediji döwletler boldylar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna salgylanyp, ýurdumyzyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan pomidor bilen Russiýany üpjün etmekde dördünji orunda durýar. Geçen ýylyň 11 aýynda 32 müň tonnadan gowrak türkmen pomidorlary Moskwa, Moskwa oblastyna, Sankt-Peterburga we Ural sebitine iberildi.

Türkmenistan gök önümleriň eksportyny ýyl-ýyldan artdyrýar. 2019-njy ýylda türkmen kärhanalary 36 müň 400 tonna gök önümleri daşary ýurt bazarlaryna ugratdylar. 2020-nji ýylda eksport 44 müň 600 tonna çenli ýokarlandy. Daşarky bazarlara iberilýän önümleriň esasy bölegini pomidor düzýär.

TSTB agzalaryna degişli umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalaryň 500 gektarynda 2021-2022-nji ýyllaryň ekiş möwsüminde pomidor ekilip, 85 müň tonna hasyl alynmagyna garaşylýar. Ýetişdiriljek hasylyň köp bölegini eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.

2022