“Sada” haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa eksport ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sada” haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa eksport ediler
Kärhananyň kuwwaty aýda 140 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Sada dostluk” hususy kärhanasy “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümlerini 2022-nji ýyldan başlap, Russiýa eksport etmek boýunça ylalaşyk baglaşdy.

Kompaniýada 30-dan gowrak gündelik we ýörite maksatly çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, erkek adamlar üçin dürli ölçegdäki hem-de reňkdäki her möwsüme görä aýakgaplar öndürilýär. Çig mal hökmünde poliwinilhlorid (PWH), etilenwinilasetat (EWA) we poliuretan (PU) ulanylýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhananyň kuwwaty aýda 140 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň oktýabrynda “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümlerini, şol sanda galoşlary we ädikleri Gruziýa eksport edipdi.

“Sada dostluk” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, 2018-nji ýyldan bäri aýakgap önümçiligini alyp barýar. Geljekde hem hususy kärhana aýakgaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu babatda “Sada” haryt nyşanly mekdep okuwçylary üçin PWH-den täze aýakgap görnüşini, şeýle-de “Daban” haryt nyşanly zenanlar we erkekler üçin EWA-dan sport aýakgaplaryny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Düzediş:

Makalanyň irki görnüşinde kompaniýanyň esaslandyrylan ýyly ýalňyş görkezilen. 2018-nji ýyl däl-de, 2013-nji ýyl bolmaly.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022