Türkmenistan bilen BSGG hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BSGG hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi
Täze resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Hökümeti Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hataryna pandemiýa keseline taýýarlygyň meýilnamasyny we ýiti respirator ýokanç keselleriniň epidemiologiki gözegçiligi boýunça gollanmany döretmek, hünärmenleri taýýarlamak, kliniki bejeriş teswirnamalaryny işläp düzmek, okuw sapaklaryny we maslahatlaryny geçirmek girýär.

Habarda bellenilişi ýaly, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça çärelere aýratyn üns berildi. Hususan-da ýokanç keselleriň öňüni almak we olary gözegçilikde saklamak, howplar barada ilaty habarly etmek, şeýle hem COVID-19-a garşy waksina sanjymlaryny etmek boýunça Milli meýilnamany işläp düzmek we girizmek meýilleşdirilendir.

Şeýle-de ýokanç däl keseller boýunça milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, temmäki önümlerine garşy göreşmeklik, enäniň we çaganyň saglygyny goramaklyk, ilkinji lukmançylyk kömegini bermekde özgerişlikler boýunça Ýol kartasyny taýýarlamaklyk bilen bagly çäreler göz öňünde tutulandyr.

Mundan başga-da bu sanawa saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýanyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goramak boýunça maglumat tory (CARINFONET) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga, şeýle hem BSGG tarapyndan döredilen Keselleriň halkara statistiki klassifikasiýasyny (МКБ-11) girizmeklige we oňa geçmeklige, klassifikasiýa boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga, COVID-19-yň sertifikatlarynyň kodlaşdyrylmagyna we ilatyň saglygyny gözegçilikde saklamaga gönükdirilen ädimler girizilendir. Bu ugurda resminama Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem sanlylaşdyrmak boýunça birnäçe ugurlar goşulandyr.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Guramasynyň hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasynda hem bu ugurda işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.

 

2022