“Tiz hyzmat” kompaniýasy kömelek önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tiz hyzmat” kompaniýasy kömelek önümçiligini ýola goýdy
Günde 150—200 kilogram kömelek ýygnalýar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Tiz hyzmat” hususy kärhanasy 2021-nji ýylda kömelek önümçiligini ýola goýdy.  

Häzirki wagtda ýyladyşhana şertlerinde ak gelin kömelekleriniň (ak şampinýonlaryň) bol hasyly ýetişdirildi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kömelekler oba hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde taýýarlanylýan kompostda ösdürilip ýetişdirilýär we komposty hem bu hususy kärhananyň özi taýýarlaýar. Günde 150—200 kilogram kömelek ýygnalyp, olar terligine welaýatyň ilatyna, söwda nokatlaryna ýetirilýär.

Önümçilige täze girişendigine garamazdan, kompaniýa kömelekleri marinadlanan görnüşde aýna gaplara gaplamak işlerini hem ýola goýdy.

“Tiz hyzmat” hususy kärhanasy 2021-nji ýylda telekeçi Almansur Orazow tarapyndan esaslandyryldy.

2022