Türkmen Liderine Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna çakylyk gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Liderine Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna çakylyk gowşuryldy
Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2022-nji ýylyň 4-20-nji fewral aralygynda Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.

Çakylyk haty Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen tarapyndan penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany Si Szinpine ýubileý ýyly mynasybetli gutlag hatyny ilçä gowşurdy.

Hytaýyň ilçisi öz gezeginde Si Szinpiniň Milli Liderimize ähli türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky arzuwlary bilen gutlag hatyny gowşurdy.

“Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, hytaý tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Pekinde geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýar” diýlip, çakylyk hatynda bellenilýär.

Milli Liderimiz we Hytaýyň ilçisi energetika, ulag we aragatnaşyk, dokma hem-de himiýa senagaty ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda resmi taýdan ýola goýuldy.

2022