Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGZIT) Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän täze A-98 kysymly awtoulag benzinini öndürilip başlandy.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa TNGIZT-de täze awtoulag benzininiň önümçiligi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer täze önümiň Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelip, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.
Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ekologik taýdan arassa täze önümiň çykarylyp başlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de munuň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesidigini aýratyn nygtady.
Geçen ýylyň tomsunda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň we Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy.