Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Eýran bilen gatnaşyklaryny ilerletmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Eýran bilen gatnaşyklaryny ilerletmekçi
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazmaça hatyny ýetirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi bilen Tähranda ýekşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Eýran bilen dürli ugurlarda, esasanam gaz, ulag, ykdysadyýet, söwda we medeniýet pudaklarynda gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň iki günlük sapary şenbe güni başlandy.

Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazmaça hatyny ýetirdi. Bu barada Eýranyň IRNA agentligi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklarda täze taryhy sahypa açmaga synanyşýandygyny we ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, esasanam serhet gümrüklerinde söwdany we üstaşyr ýükleriň geçmegini ýokarlandyrmak hem-de işjeňleşdirmek üçin köp sanly teklipleri taýýarlandygyny aýtdy.

Seýed Ibragim Raisi Tähran-Aşgabat gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadygyny belledi. Ulag we energetika pudaklarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki päsgelçilikleriň aýrylandygyny nygtap, Eýranyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin şertleriň döredilendigini aýtdy.

“Eýran bilen Türkmenistan diňe iki goňşy ýurt däl, eýsem birek-biregimiz bilen doganlyk hem-de çuňňur medeni we taryhy gatnaşyklarymyz bardyr” diýip, Raisi aýtdy.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

2022