Lebap welaýatynyň telekeçileri 323 tonnadan gowrak et öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynyň telekeçileri 323 tonnadan gowrak et öndürdi
2021-nji ýylda Lebap welaýaty boýunça 1 müň 854,5 tonna süýt öndürilip, söwda nokatlaryna iberildi.

Lebap welaýatynyň maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri 2021-nji ýylda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende öndürilen et 164 tonna köpdür.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, diňe geçen ýylyň dekabr aýynda öndürilen etiň mukdary 42 tonnadan geçdi.

Hususyýetçiler eti gaýtadan işlemegiň mukdaryny hem artdyrdylar. Geçen ýyl alyjylara ýokary hilli şöhlat önümleriniň 281,5 tonnasy hödürlendi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 155 tonna köpdür.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylda Lebap welaýaty boýunça 1 müň 854,5 tonna süýt öndürilip, söwda nokatlaryna iberildi. 2020-nji ýylda süýdüň 255 tonnasy öndürilipdi.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, onuň merkezi Türkmenabat şäheridir. Lebap welaýaty Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär. Türkmenistanda iň beýik daglardan biri hasaplanýan Köýtendag hem Lebap welaýatynda ýerleşýär.