Ahalyň täze merkeziniň gurluşygyna 67 kompaniýa gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalyň täze merkeziniň gurluşygyna 67 kompaniýa gatnaşýar
Täze merkeziň birinji tapgyryna 336 sany binanyň we desganyň gurluşygy girýär.

Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni gurluşyk meýdançasynda geçirilen ýygnagyň dowamynda aýtdy.

Bu maslahat Döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde geçirilip, oňa degişli ýolbaşçylar hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýerine ýetirilýän gurluşyklaryň potratçylarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Welaýatyň täze merkezini iki tapgyrda gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Milli Liderimiz birinji tapgyrda 336 sany binanyň we desganyň gurluşygynyň bardygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, 8 sany saglyk we sport desgasy hem-de 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgalary bardyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu möhüm iri taslamany durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklaryň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylandygyny belledi.

Habarda bellenilmegine görä, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasynyň zerur bolan bölegini maliýeleşdirmek üçin, buýrujylaryň ýüztutmasy esasynda amatly möhletler bilen karzlar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, täze edara ediş merkezinde gurluşyk işlerini ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Hususan-da, “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Saýaly menzil” hojalyk jemgyýetini we “Ussat inžener” hususy kärhanasyny esaslandyryjylary, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, “Dost gurluşyk, söwda önümçilik” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy, “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň, “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň direktorlary, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory we baş inženeri, “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy bu ýerde gurluşyk, ýol-ulag, inženerçilik düzümlerine degişli desgalaryň, seýilgähleriň we beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly alyp barýan işleri barada hasabat berdiler.

Habarda aýdylyşy ýaly, häzirki döwürde bu ýerde gurulýan binalaryň köpüsiniň esasy işleri tamamlandy. Döwrebap edara ediş merkezinde seýilgähleriň, gök zolaklaryň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Köpetdagyň eteginde gurulýan täze merkeziň tebigy gözelligini saklamak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew täze edara ediş merkezinde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän internet we aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman görnüşleri, olaryň netijeli işini ýola goýmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz bu gurluşyklara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmek, bu ýerde döredilen Iş toparynyň hepdede bir gezek maslahat geçirip, ýüze çykýan soraglara gyssagly seretmek hem-de olaryň oňyn çözülmegini gazanmak, aýratyn möhüm meseleler babatda teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda badalga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022