Türkiýe Türkmenistan bilen metbugat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugrunda işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe Türkmenistan bilen metbugat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugrunda işleýär
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýerli metbugatynyň barha ösýändigini aýtdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda çarşenbe güni ýerli habarçylar üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Bu ýygnagynyň esasy maksady Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde gazanylan metbugat ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly boldy.

Ýygnagyň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýerli metbugatynyň barha ösýändigini aýdyp, onuň mazmunynyň baýlaşýandygyna we hiliniň kämilleşýändigine ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýerli metbugat bilen Türkiýäniň arasynda has ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmak maksady bilen, ilçiniň metbugat meseleleri boýunça maslahatçysy wezipesine Haýrettin Bektaşyň bellenilendigi aýdyldy.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda ilçi Togan Oral 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we syýasy gatnaşyklarynyň pandemiýa garamazdan ösmegini dowam etdirendigini aýtdy. Prezidentler hem-de ministrler derejesinde amala aşyrylan saparlar geçen ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, ilçi 2022-nji ýylda türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň nobatdaky duşuşygynyň hem-de Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan üçtaraplaýyn sammitiniň Aşgabatda geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Söwda-ykdysady gatnaşyklary babatynda aýdylanda, 2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 50% ýa-da 49 million ABŞ dollary möçberinde artandygy bellenildi. Türkiýäniň Türkmenistana eksporty bolsa 27,2% artyp, iki ýurduň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 1 milliard 900 million ABŞ dollaryndan geçdi.

2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnamanyň we Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara düşünişmek Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Togan Oral bu ylalaşyklaryň Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmaga itergi berjekdigini aýdyp, “Dostluk” ýatagyndan türkmen gazynyň Transanadoly gaz geçirijisiniň (TANAP) üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ugratmak mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.

Mundan başga-da, metbugat ýygnagynyň dowamynda Türkiýäniň halkara ýokary bilim talyp haky maksatnamasyna kabul edişligiň 2022-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam edýändigi bellenildi.

Türkiýe 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýlup, Aşgabatda Türkiýäniň ilçihanasy açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022