Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň (BGGK) “Красные Баррикады” gämi abatlaýyş kärhanasy 2022-nji ýylda täze iri sargytlary, şol sanda Eýrandan we Türkmenistandan gämi gurluşyk sargytlary özüne çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada BGGK-nyň Günorta gämi gurluşyk we abatlaýyş merkeziniň marketing bölüminiň başlygy Wladislaw Dobrenkowyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi penşenbe güni habar berdi.
“2022-nji ýylda köp sanly sargyt çekmek göz öňünde tutulýar, häzirki wagtda olar boýunça degişli işler alnyp barylýar. BGGK bilen bilelikde Eýran we Türkmenistan üçin gämi gurmak meselesiniň üstünde işlenilýär. Mundan başga-da, önümçilik desgalarynyň döwrebaplaşdyrmagy, goşmaça enjamlaryň oturdylmagy bilen täze bölümleriň açylmagy netijesinde öndürijiligiň ýokarlandyrylmagy meýilleşdirilýär” diýip, Dobrenkow habarçylara aýtdy.
Astrahan oblastynyň Arbitraž kazyýeti “Красные Баррикады” kärhanasyny 2017-nji ýylyň dekabrynda bankrot diýip ykrar etdi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2019-njy ýylyň maý aýynda Astrahan sebitiniň sosial we ykdysady ösüşi boýunça geçirilen mejlisiň dowamynda gämi abatlaýyş kärhanasynyň ilkinji nobatda zerur sargytlaryň ýoklugy sebäpli “kyn ýagdaýa düşendigini” aýtdy. 2019-njy ýylyň iýun aýynda BGGK-nyň Günorta gämi gurluşyk we abatlaýyş merkezi bu zawody açyk auksionda 955 million rubla satyn aldy.
“Красные Баррикады” gämi abatlaýyş zawody 120 ýyl gowrak mundan ozal esaslandyrylyp, ol deňiz buraw desgalaryny, platformalary we dürli maksatly beýleki gämileri gurmakda ýöriteleşendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda nebithimiýa senagaty, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş ýaly pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.