Türkmen döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýän pagta çigidiniň bahasy kesgitlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýän pagta çigidiniň bahasy kesgitlenildi
Resminama pagta arassalaýjy kärhanalar bilen ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän we ministrligiň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryna ýerlenilýän pagta çigidiniň 1 (bir) tonnasynyň bahasy 1000 manat möçberinde kesgitlenildi.

“Pagta çigidiniň bahasyny bellemek hakyndaky” Kararyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.  

“Resminama pagta arassalaýjy kärhanalaryň düşewüntliliginiň üpjün edilmegini, pagta arassalaýjy kärhanalar bilen ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Şunda ýurdumyzyň pagta öndürijilerine berilýän tohumlyk pagta çigidiniň bahasy üýtgemeýär” diýip, wise-premýer öz hasabatynyň çäklerinde aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi.

Şeýle-de iş maslahatynyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy.

2022