Lebap welaýatynyň telekeçileri 1277 tonna bitumlyk mastikany eksport etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynyň telekeçileri 1277 tonna bitumlyk mastikany eksport etdiler
Welaýatyň hususyýetçileri eksport gümrük düzgünleriniň esasynda bitumlyk mastikany satdylar.

Lebap welaýatynyň telekeçileri şu ýylyň ýanwar aýynda 1 müň 277 tonna bitumlyk mastikany eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Gullugyň bellemegine görä, harytlardyr-önümleriň  kanuny taýdan eksport ýa-da import edilmegi we amatly şertleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň dünýä bilen sazlaşykly ösmegine, ýurdumyzyň eksport potensialyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem öndürijileriň daşary bazarlara has işjeň gatnaşmagyna oňaýly goşant goşýar.

Geçen ýylda welaýatyň daýhan hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlarynda we döwrebap ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen gök önümleriň we aralyk ekinler bolan mäşiň, noýbanyň hasylynyň içerki bazardan artykmajy daşary döwletlere eksporta iberildi.

2022-nji ýylyň ilkinji aýynda  welaýatyň hususyýetçileri eksport gümrük düzgünleriniň esasynda ter pomidorlaryň 488 tonnasyny, ot-iýmlik darynyň 850 tonnasyny, bitumlyk mastikanyň 1 müň 277 tonnasyny we regenirlenilen pagta süýüminiň 42 tonnasyny satdylar.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň çägindäki döwlet kärhanalarynyň nah-ýüplük, buýan köki we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty boýunça görkezijiler hem ýokarlanýar.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär. Geçen ýyl Lebap welaýaty boýunça pomidoryň 13 müň 625 tonnasy, soganyň 22 müň 563 tonnasy, kelemiň 4 müň 510 tonnasy we bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň 42 müň 41 tonnasy ýetişdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022