Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça howa ýük gatnawy ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça howa ýük gatnawy ýola goýuldy
Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça hepdede iki uçuş ýygylygy bilen howa ýük gatnawy amala aşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti geçen şenbe gününden başlap, Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli howa ýük gatnawyny ýola goýdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ugur boýunça hepdede iki uçuş ýygylygy bilen howa ýük gatnawy ýerine ýetirilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy aşakdaky ugurlar boýunça howa ýük gatnawlaryny amala aşyrýar:

  • hepdede iki uçuş ýygylygy bilen Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat,
  • hepdede üç uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Pekin-Türkmenabat,
  • hepdede iki uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Stambul-Türkmenabat,
  • hepdede bir uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Almata-Türkmenabat,
  • hepdede bir uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Bangkok-Türkmenabat. 

Bu gatnaw gyzyklanýan taraplara bar bolan we täze ugurlarda howa gämisi arkaly harytlaryň iberilmegini giňeltmäge mümkinçilik berer.

2022