Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri başlanar
Ýaşulular milli Liderimiziň ýaşlara ýol bermek, ösüşiň täze tapgyrynda olara möhüm döwlet işlerini ynanmak baradaky wajyp başlangyjyna goldawyny beýan etdiler.

Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek barada beýan eden başlangyjyny goldadylar. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ilkinji gezek ýurduň iň ýokary wezipesine saýlanandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin” diýdi.

Iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi we durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy Gurbangeldi Aýlyýew milli Liderimiziň ýaşlara ýol bermek, ösüşiň täze tapgyrynda olara möhüm döwlet işlerini ynanmak baradaky wajyp başlangyjyna ähli ýaşulularyň adyndan goldawyny beýan etdi.

G.Aýlyýew hormatly Prezidentimize ýüzlenip, ýaş ýolbaşçylary döwlet işine çekmek bilen, mundan beýläk-de olaryň ýanynda boljakdygyňyza, olara ýaşululyk edip, syýasy goldawyňyzy, maslahatlaryňyzy berip, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine ugrukdyrjakdygyňyza berk ynanýarys diýip aýtdy.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hem-de Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.

2022