Türkmen Lideri döwlet dolandyrylyşynda ýaşlara ýol bermek kararyny mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri döwlet dolandyrylyşynda ýaşlara ýol bermek kararyny mälim etdi
Milli Liderimiz toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ilkinji gezek ýurdyň iň ýokary wezipesine saýlanandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin” diýdi.

“Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda belledi.

“Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

"Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýatlaryň häkimleriniň 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi.

Şeýle-de, Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamany tassyklamak baradaky resminama gol çekildi.

Mundan başga-da, Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini 1 million ABŞ dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi.

2022