Türkmenistanda 12-nji martda Prezident saýlawlary geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 12-nji martda Prezident saýlawlary geçiriler
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary, Aşgabat

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada TDH şenbe güni habar berdi.

Anna güni Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek barada beýan eden başlangyjyny goldadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

2022