Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny – sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp hem bilner. Şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawody daşary ýurt puluna ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýar.
Himiýa institutynyň barlaghanasynda bu madda azot kislotasynyň esasan kalsiý karbonatdan ybarat tebigy hek daşy bilen pes temperaturada zyýansyzlandyrylmagy arkaly alyndy.
Alymlar reaktiw hökmünde Marynyň “Maryazot” önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän konsentrirlenmedik, himiki, organiki däl kislotany we gaýtadan işlenýän mermer galyndylaryny, himiki taýdan çöken heki, mineral kalsiti ulandylar.
Bu synagyň netijesinde täze usuly işläp düzen Himiýa institutynyň, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň we “Aziýa önümi” kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Synaga gatnaşanlar ýerli çig maldan reagentiň (üç tonnadan gowrak) synag-senagat toplumyny taýýarladylar, bu toplumyň kömegi bilen Gyýanly polimer zawodynyň suw sowadyş ulgamynda synaglar geçirildi.
Synag ýerli çig maldan sintezlenen önümiň suwuň kalsiý we karbonat gatylygyny artdyrýandygyny we turbalary poslamakdan gorap saklaýan kislota-aşgarly gorag gatlagy bilen üpjün edýändigini görkezdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugyna ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetrahidratyny öndürmegiň innowasion usulynyň awtorlygyny tassyklaýan resminamany almak üçin arza berildi.
Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýanyň galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarlamagy teklip etdiler.