Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi
Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni dik uçar arkaly paýtagtdaky gurluşyk işleri bilen tanşyp, soňra uçuşyny Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň badalga alýan ýerine tarap dowam etdi. Bu ýerde Ýurt Baştutanymyz alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de ýol gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Ol ýerde Döwlet Baştutany täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda döredilen durmuş maksatly desgalaryň, kiçi töleg terminallarynyň we hyzmat ediş bölümleriniň taslamalary barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýoluň ugrunda durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ulaglaryna tehniki taýdan hyzmat edýän zolaklaryň, kiçi töleg terminallarynyň birnäçesi gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalaryň hem-de çyzgylaryň her biri bilen içgin gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi.

Taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Taslamanyň ikinji – Tejen-Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji – Mary-Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär.

2022