Türkmenistanda tebigy gazdan izobutan öndürýän desga gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda tebigy gazdan izobutan öndürýän desga gurlar
Tebigy gazdan izobutan öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigi ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan öwrenilendigi bellenildi.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazdan izobutan öndürýän desgany gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi we onuň netijesinde ýeňiji kesgitlenildi diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Çarymyrat Purçekow öz hasabatynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda, Gyýanlydaky polimer zawodynyň düzüminde, Balkanabat ýod zawodynda bellenilen wezipeleri çözmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy.

Tebigy gazdan izobutan öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigi ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan öwrenilendigi bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki islegleri doly kanagatlandyrmak hem-de daşary ýurtlara eksport etmek maksady bilen, ýokary hilli himiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere zerur tejribä hem-de tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmak baradaky meselä ýene-de bir gezek jikme-jik seretmegi tabşyrdy.

Şeýle hem, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi we käbir döwlet ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022