Suratkeşler birleşigi Medeniýet merkezine degişli binany satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Suratkeşler birleşigi Medeniýet merkezine degişli binany satyn alar
Karara türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen gol çekildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak we olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 11 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşine görä, bäsleşikli söwdalar 30-njy martda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022