“Türkmennebit” döwlet konserni “Tatneft” bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” döwlet konserni “Tatneft” bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar
Karara häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekildi.

“Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystanyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Resminama bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada “Tatneft” AGPJ-si bilen baglaşan şertnamasyna Goturdepe nebitgaz ýatagynda şol şertnama laýyklykda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynyň başynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum gönükdirmek barada Karara gol çekipdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda bolsa, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow Tatarystan Respublikasynyň Almetýewsk şäherindäki “Tatneft” -iň desgalaryna aýlandy. Saparyň dowamynda kompaniýanyň baş müdiri Nail Maganow bilen hem duşuşyk geçirildi. Baş konsul kompaniýanyň Modeller merkeziniň işi hem-de nebit ýataklary üçin geologiki we gidrodinamiki modelleri döretmekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022