Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatlaryny ýolladylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni çap edilen hatlarda, döwlet baştutanlary täze saýlanan Prezidenti degişli ýurtlara resmi sapar bilen gelmäge çagyrdylar.
Gazagystanyň Prezidenti öz hatynda bilelikdäki tagallalar arkaly döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna täze, kuwwatly depgin beriljekdigine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny, tutuş Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynamyny bildirdi.
“Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi islendik amatly wagtda Gazagystana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrýaryn” diýip, Tokaýew hatynda belledi.
Azerbaýjan lideri Ilham Aliýew öz gutlagynda “Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, şeýle hem ykdysady, energetika, ulag, ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň derejesi uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bilelikdäki tagallalar arkaly Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine hem-de iki ýurduň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýdi.
“Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrýaryn” diýip Ilham Aliýew sözüniň üstüni doldurdy.
Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi hatynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň syýasatyndaky ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy.
“Şunda Türkmenistana aýratyn möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda bilelikdäki gepleşikleri geçirmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Tährana gelmäge çagyrýaryn” diýip, Prezident Raisi Serdar Berdimuhamedowa ýollan hatynda aýtdy.
Döwlet baştutanlary Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.