Mansur bin Zaýed Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine BAE-niň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mansur bin Zaýed Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine BAE-niň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny ýetirdi
BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow bilen geçen ýylyň iýun aýynda Abu-Dabide duşuşygy (Surat: WAM)

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al-Nahaýýan penşenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli Prezident Şeýh Halif bin Zaýed al-Nahaýýanyň, BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaýyň Emiri Şeýh Mohammed bi Raşid Al Maktumyň hem-de Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy we BAE-niň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammad bin Zaýed Al-Nahaýýanyň adyndan gutlaglaryny ýetirdi.

Şeýle hem, Şeýh Mansur Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyna BAE-niň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezident borçlaryny ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi diýip, “WAM” resmi habar agentligi habar berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň indiki tapgyryny hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşly ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde Şeýh Mansura gutlaglary üçin minnetdarlygyny bildirip, BAE-niň halkyna ösüş we abadançylygy arzuw etdi. S.Berdimuhamedow geljekki ýyllarda mundan beýläk netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýändigini habar berdi.

Mundan başga, Şeýh Mansur Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon gepleşiginde taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly we strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýh Mansur Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşygyny alyp barýandygyny buýsanç bilen nygtady.

Şeýh Mansur Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan goşandynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022