Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we öndürijiligini ýokarlandyrmak ähli ýurtlaryň üns berýän meseleleriniň biridir. Ýagny netijeliligi ýokarlandyrmak bilen daşky gurşawa ýetýän zeperleriň öňüni almak maksat edinilýär. Şeýlelikde, oba hojalygynyň durnuklylygy üpjün edilýär. Şunda tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Oba hojalygynda durnuklylyk has ýokary netijelilik hem-de öndürijilik bilen ugurdaş ýagdaýda emele gelýär. Bu nukdaýnazardan döwrebap tehnologiýalary (Ag-Tech), awtomatizasiýany we uçarmansyz howa ulaglaryny ulanmak arkaly oba hojalyk tehnologiýasy innowasiýanyň esasy hereketlendirijileriniñ birine öwrüler.
Oba hojalygy häzirki wagtda başarnykly işçi güýjüniñ ýetmezçiligi ýaly möhüm kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emeli intellekt we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ulanylmagy, bu ýetmezçiliğiñ hötdesinden gelmäge we daýhanlaryñ has möhüm meselelere hem-de ýeriñ dolandyrylyşyna üns bermeklerine mümkinçilik berýär. Oba hojalygy islendik wagt öz dünýäsinde millionlarça maglumatlary döredip bilýän önümçiligiň bir görnüşidir. Bu maglumatlaryñ aýratynlyklary olaryñ sebitine, görnüşini we ulgamyna mahsus bolup durýar. Innowasion tehnologiýalar oba hojalygy we maldarçylyk pudaklary zerur maglumatlaryñ ýygnalmagyna we şol maglumatlar esasynda önümçilik zynjyrynda ýüze çykyp biljek meseleleriñ özwagtynda çözülmegine ýardam berýär.
Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak bolsa netijesiz usullary aradan aýyrmaga, galyndylary azaltmaga we önümçiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Innowasion tehnologiýalar çylşyrymly ulgam bolan daýhançylykda oba hojalygynyñ her bir bölegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Emeli intellektden peýdalanýan innowasion oba hojalyk tehnologiýalary, agrotehniki talaplary kadaly amala aşyrmakda we şol bir wagtyñ özünde suw bilen baglanyşykly ýüze çýkyan päsgelçilikleri azaltmakda möhüm orna eýedir. Ýeriñ çyglylygy ýaly şertlere gözegçilik etmek bilen, daýhanlar suwuň sarp edilişini 30% -e çenli azaldyp bilerler. Ýagny, toprakdaky ýokumly maddalara gözegçilik etmek bilen, dökünleriň täze görnüşlerini maglumat ylymlary bilen utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylyp bilner.
Oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmagyň usullarynyň biri oba hojalyk kärhanalarynyň göwrümi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, 10 sany 100 gektar meýdana bugdaý ekýän daýhanyň 1000 gektar bitewi meýdana bugdaý ekýän daýhan bilen bäsdeşlik etmegi kyndyr. Oba hojalygynda öndürijiligiň iň ýokary ýurtlarynyň biri bolan ABŞ-da iri meýdanlarda oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Mysal üçin, ABŞ-ly daýhanlar ownuk oba hojalygy bilen meşgullanýan ýurtlara garanyňda bugdaýy 30% arzan bahadan öndürýärler. Şeýlelikde, göwrüm bilen bagly mesele oba hojalygynyň ähli görnüşlerinde, şol sanda maldarçylykda hem birmeňzeşdir.
Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda oba hojalygyny we maldarçylygy döwrebaplaşdyrmak hem-de olarda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Esasanam, ýyladyşhanalara goýulýan maya goýumlary muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw maksatnamasynda hem agrosenagat toplumyndaky özgertmeler, şeýle hem hususyýetçileri bu özgertmelere çekmeklik göz öňünde tutulandyr. Bu hem oba hojalygyny ösdürmäge niýetlenen innowasiýa maksatnamasynyň dowam etdiriljekdigini görkezýär.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty