Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň täze Prezidentiniň wezipä girişmeginden soň ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlaryny ozalky wezipelerine gaýtadan belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine Muhammetguly Muhammedowy belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryny ozalky wezipelerinde galdyryp, olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk ösüşi üçin zerur bolan baý tejribeleriniň bardygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki ýolbaşçylardan örän berk talap ediljekdigini duýduryp, her bir ýolbaşçynyň örän netijeli işlemegi, halkymyzyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini doly ulanyp zähmet çekmegi üçin, ýolbaşçylary üns bilen seçip almagyň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr.