“Nurseýit” HJ gurluşyk harytlaryny eksport etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurseýit” HJ gurluşyk harytlaryny eksport etmegi meýilleşdirýär
Kompaniýa “Eseniks” haryt nyşanly boýaglary, boýagdan öňki gruntlama we kafel üçin ýelim, şeýle hem “Esengips” haryt nyşanly gips önümleri öndürýär.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän “Nurseýit” hojalyk jemgyýeti öndürýän gurluşyk harytlaryny daşarky bazara çykarmagy maksat edinýär.

Kärhana häzirki wagtda “Eseniks” haryt nyşanly içki we daşky diwarlar üçin suw esasly akril, silikon boýaglar, boýagdan öňki gruntlama, kafel üçin ýelim, “Esengips” haryt nyşanly gurluşyk gipsi hem-de tekstur serişdeleri öndürilýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, içki we daşky diwar üçin niýetlenen suwly disperision boýaglary durnuklylygy, dürli öwüşginli reňkleri bilen tapawutlanýar. Boýaglar 5, 10, 15, 20 kilogramlyk, kafel üçin ýelim 25 kilogramlyk, boýagdan öňki gruntlama 30 kilogramlyk, gips 20 kilogramlyk gutulara gaplanylýar.

Kärhananyň önümçilik bölümi Türkiýe Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Nurseýit” hojalyk jemgyýeti önümçiligi 2014-njy ýylda ýola goýdy. Önümler paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda alyjylara ýetirilýär. Olar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly islegden peýdalanýarlar.

2022