“Meno Logistics Turkmen” halkara ýük daşamalarynda köp soralýan soraglar barada

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Meno Logistics Turkmen” halkara ýük daşamalarynda köp soralýan soraglar barada
Uly göwrümli ýükler diňe işine ussat hünärmenler tarapyndan daşalmalydyr, ýagny diňe ýüke däl, infrastruktura hem zeper ýetirilip bilner.

“Meno Logistics” kompaniýasy dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän müşderilerine ýokary hilli ählitaraplaýyn ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýär. Bazaryň şertlerine we buýurmalaryň çylşyrymlylygyna garamazdan, kompaniýanyň baý iş tejribesi üstünlikli netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.

“Meno Logistics Turkmen” kompaniýasynyň logistika goldawy bölüminiň hünärmeni logistika we gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça ýygy-ýygydan soralýan soraglara jogap berdi.

- Haýsy ýükler uly göwrümli hasaplanylýar we olary daşamagyň iň oňyn ýoly nähili?
- Ilki bilen, uly göwrümli ýük – ýol hereketiniň düzgünlerinde kesgitlenen we daşalmaga rugsat berilýän ölçeglerden geçýän ýük bolýar. Başgaça aýdylanda, adaty ulag serişdesine sygmaýan we bölünmeýän ýük birligi bolup durýar.

Ikinjiden, uly göwrümli ýükler diňe işine ussat hünärmenler tarapyndan daşalmalydyr, ýagny diňe ýüke däl, infrastruktura hem zeper ýetirilip bilner. Şol sebäpli, ýük daşamanyň ugruny jikme-jik barlamaly we köpri, estakadalar, elektrik geçiriji süýümleriň we şuňa meňzeşleriň ýokdugyna göz ýetirmeli.

Üçünjiden, uly göwrümli ýüki ätiýaçlandyrylmak maslahat berilýär, bu bolsa biziň hünärmenlerimiz tarapyndan müşderi bilen baglaşylýan ylalaşykda bellenilýär. Zerur bolan mahalynda, esasy ýük ulagynyň ýany bilen gidýän goşmaça ulaglar ýola goýulýar.

Göz öňünde tutulmaly zatlar şulardan ybaratdyr:

  • Ynanylan ýüki daşamak üçin laýyk gelýän ulag serişdesini saýlamak;
  • Ýüküň daşalmagy üçin onuň aýratynlyklaryny kesgitlemek;
  • Ýüküň ýüklenilmegine we berkidilmegine taýýarlyk görmek.

- Türkmenistanyň serhedinde täzeden tirketmek nähili geçýär?
- Türkmenistanyň serhedinde biziň wekillerimiziň topary hereket edýär. Olaryň wezipeleri şulardan ybaratdyr:

  • Erkin zolaga tirkeg çekiji getirilýär;
  • Şol bir wagtyň özünde ýanaşyk döwletiň tarapyndan erkin zolaga ýüklenen tirkeg getirilýär;
  • Biziň tirkeg çekijimiz oňa birikdirilýär we Türkmenistanyň serhetýaka gümrük zolagyna gümrük amallaryny ýerine ýetirmek üçin getirýär;
  • Soňra ulag ýük düşürmek zolagyna getirilýär;
  • Ýük düşürilenden soňra tirkeg çekiriji bilen tirkeg serhede getirilýär.

- Ýük daşamanyň hasabyny nädip alyp bolýar?
- Ýük daşamanyň bahasyny hasaplamak üçin biziň internet çeşmelerimiziň islendigine ýüz tutup bilersiňiz: biziň internet-saýtymyz (menologistics.com), elektron poçtamyz (mailto:contact@menologistics.com), Instagram sahypamyz (meno_logistics), Telegram, Whatsapp, Facebook, Twitter, Skype, Youtube, Tik Tok sahypalarymyz (@menologistics). Şeýle hem, +99312271522 telefon belgi arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Biziň hünärmenlerimiz gije-gündiz işleýär. Her bir aýratyn sargyt üçin aýratynlyklar, ýüküň agramyndan ulagyň görnüşine çenli göz öňünde tutulýar.

- Eger-de men siziň hyzmatlaryňyzdan ençeme gezek peýdalansam, onda artykmaçlyklary barmy?
- Eger-de biziň hemişelik müşderimiz bolsaňyz, onda biziň kompaniýamyz hyzmatlarymyz üçin ýeňillikleri we siziň ýükleriňizi islendik ugur boýunça islendik ulag serişdesi arkaly daşamak üçin amatly şertleri hödürlemäge taýýar.

- “Meno Logistics Turkmen” hojalyk jemgyýeti demir ýol arkaly ýük daşamalary amala aşyrýarmy? Şeýle ýük daşamalaryň bahalary nähili hasaplanýar?

- Biziň kompaniýamyz demir ýol ýük daşamalary islendik ugur boýunça amala aşyrýar. Ozal belleýşimiz ýaly, jikme-jik maglumatlary bilmek üçin biziň hünärmenlerimize ýüz tutup bilersiňiz. Hasaplamalar edilende, şu aşakdaky soraglara jogaplaryňyz zerur bolar:

  • ugur;
  • ýüküň agramy;
  • ýüküň ölçegleri;
  • hereketli düzümiň görnüşi (ýapyk wagon, ýarym wagon, konteýer we ş.m.);
  • ýüküň daşalmagy üçin aýratyn şertler;
  • ýüki ýüklemek üçin biziň işçilerimiziň hyzmatlary zerur bolarmy;
  • belgileme we gaplama zerur bolarmy;
  • ýükleri gümrük taýdan resmileşdirmek zerurmy.

Ýene-de bir zady ýatladasym gelýär, biziň kompaniýamyzyň eýeçiliginde demir ýol daşamalar üçin konteýnerler bar, şonuň üçin onuň kireýi tölege girmeýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022