Lebaply senagatçylaryň eksporty $950 müňden geçdi

BİZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply senagatçylaryň eksporty $950 müňden geçdi
“Kökçi” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän akkumlýatorlar ýeňil we ýük awtoulaglary hem-de traktorlar üçin niýetlenendir.

Şu ýylyň ilkinji 3 aýynda Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalaryň öndüren önümleriniň eksport möçberi 3 million 337 müň manada barabar boldy. Daşary pul birligine geçirilende, jemi 953 müň 450 amerikan dollarlyk haryt eksport edildi.

Türkmenistanyň resmi metbutagtynyň şenbe güni habar berşi ýaly, şu ýylyň başynda daşary ýurt bazarlaryna esasanam bitum mastikasy, akkumulýator, mebel matalary, senagat garyndy suwuklygy, nah mata pamygy eksport edildi.

“Mizemez gadam” hususy kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri öndürilen 650 müň inedördül metr izogamyň 113,5 müň inedördül metre golaýy daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan satyn alyndy. Şeýle hem, bu ýerde öndürilen 3 müň 700 tonna suwuk bitum mastikasynyň 1 müň 352 tonnasy hem daşary ýurtly sarp edijilere iberildi.

Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda ýerleşýän we harytlaryny daşary ýurtlara yzygiderli eksport edýän kompanýalaryň biri bolan “Kökçi” hojalyk jemgyýeti 60, 65, 75, 100, 190 we 200 amper/sag kuwwatly akkumulýatorlary öndürýär. Bu harytlar ýeňil we ýük awtoulaglary hem-de traktorlar üçin niýetlenendir.

Kompaniýanyň harytlary daşary ýurtda öndürilýän harytlar bilen deňeşdirilende, ýokary hilliligi we amatly bahalary bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli, önümçiligiň aglaba bölegi içerki bazara goýberilýär we umumy möçberiň diňe 10% töweregi daşary ýurtly satyn alyjylara iberilýär. Şeýlelikde, 3 aýyň dowamynda Owganystanly telekeçilere 1 müň 440 akkumulýator ýerlenildi.

“Çelek” hususy kärhanasy ýylyň başynda senagatda ulanylýan garyndy suwuklygyň 600 tonnasyny öndürip, onuň 264 tonnasyny Hytaýa eksport etdi.

“Gaýrat” hususy kärhanasy ýanwar-mart aralygynda 668 tonna nah ýüpligi öndürip, onuň 476 tonnasyny Dubaýa eksport etdi.

“Altyn saraý” hojalyk jemgyýetiniň önümhanalarynda öndürilen polipropilen haltalaryň 18 tonnasyny Belarus Respublikasynyň işewürleri satyn aldylar. Bu bolsa önümçiligiň umumy möçberiniň 10%-den gowragyny düzýär. Şeýle hem kärhanada öndürilen 167 tonna halta içerki bazara ýerlenildi.

“Geljege rowaç” hususy kärhanasy öndüren önümleriniň 50%-e golaýyny Azerbaýjana eksport etdi. Bu ýerde üç aýyň dowamynda egin-eşikler üçin niýetlenen 337 müňden gowrak plastmassa asgyçlary öndürildi.

Bellenilişi ýaly, telekeçiler senagat harytlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýup, daşary ýurtdan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrýarlar we “Türkmenistanda öndürilen” ýazgyly önümleri daşary ýurtlara iberýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022