Maryda tehniki uglerod öndürýän zawod açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryda tehniki uglerod öndürýän zawod açyldy
Zawodyň senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Çarşenbe güni Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Tehniki uglerod uglewodorodlardan alynýan önümdir. Onuň ulanylyşy dürli häsiýetlidir. Mysal üçin, ol polimer serişdeleriniň düzümine girýär, rezin-tehniki önümleriň ulanylyş häsiýetini gowulandyryp, şol önümler öndürilende güýçlendirip dolduryjy hökmünde giňden peýdalanylýar, hususan-da, awtoulaglaryň tekerlerine berklik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022